Turkmenportal logo
14.07.2026
1131511315
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, doganlyk Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge Özbegistanda uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, myhmanyň şu saparynyň Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyny aýtdy.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, türkmen-özbek gatnaşyklary ynanyşmagyň, özara hormat goýmagyň ýokary derejesi bilen tanalýar. Bu berk binýat strategik hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmak boýunça tagallalary utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem iki ýurt BMG, GDA, YHG ýaly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryň özara goldanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän döwründe «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti bu çäreleriň sebit hyzmatdaşlygyny, özara ynanyşmagy we hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigini, şeýle hem türkmen-özbek strategik hyzmtadaşlygy ösdürmäge itergi berjekdigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýändigini we iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini tassyklap, Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrine berk jan saglyk, rowaçlyk, işinde üstünlikleri arzuw etdi.