Turkmenportal logo
Şu gün 11:42
72057205
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen talyby Duşenbede ÝHHG-niň tomusky žurnalistika mekdebine gatnaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Ýusup Orazow 28-nji iýun — 12-nji iýul aralygynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Täjigistanda geçiren tomusky žurnalistika mekdebine gatnaşdy.

Merkezi Aziýanyň ýaş media hünärmenleri we geljekki žurnalistleri üçin niýetlenen bu maksatnama ÝHHG-niň Duşenbedäki Maksatnamalar edarasynyň guramagynda, Täjigistandaky Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynyň goldaw bermeginde geçirildi.

Okuw maksatnamasynyň dowamynda häzirki zaman köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň esasy ugurlaryna, hünär etikasynyň kadalaryna, media sowatlylygyny ösdürmäge, şeýle hem galp maglumatlara garşy göreşmegiň usullaryna aýratyn üns berildi.

Amaly okuw sapaklarynyň çäklerinde gatnaşyjylar Täjigistanyň «Safina» döwlet teleýaýlymynyň işi bilen tanyşdylar.

Tomusky žurnalistika mekdebiniň jemleri boýunça Ýusup Orazowa okuw maksatnamasyny üstünlikli tamamlandygyny tassyklaýan halkara derejeli şahadatnama gowşuryldy.