Turkmenportal logo
Şu gün 10:51
47894789
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
NASA-nyň ýolbaşçysy Aýzekman «Soýuz MS-29» älem gämisiniň uçurylyşyna syn etmek üçin Baýkonura bardy

NASA-nyň ýolbaşçysy Jared Aýzekman Baýkonur kosmodromyna bardy. Şeýlelikde, ol soňky sekiz ýylyň dowamynda bu kosmodroma gelen ABŞ-nyň Milli aeronawtika we älem giňişligini öwrenmek boýunça müdirliginiň ilkinji ýolbaşçysy boldy. Bu barada «Roskosmos» döwlet korporasiýasy habar berdi.

Baýkonurda Jared Aýzekman «Roskosmosyň» baş direktory Dmitriý Bakanow bilen duşuşdy. Gepleşikler «Soýuz MS-29» pilotly äleme uçuşyň esasy we ätiýaçlyk düzümini tassyklan Döwlet toparynyň mejlisiniň öňüsyrasynda geçirildi.

«Soýuz-2.1a» göteriji raketasynyň «Soýuz MS-29» pilotly älem gämisi bilen uçurylmagy 14-nji iýulda Moskwa wagty bilen sagat 17:48-de Baýkonur kosmodromynyň 31-nji uçuryş meýdançasyndan amala aşyrylar. Älem gämisinde Halkara kosmos stansiýasyna «Roskosmosyň» kosmonawtlary Pýotr Dubrow bilen Anna Kikina, şeýle hem NASA-nyň astronawty Anil Menon ugrar. Ätiýaçlyk ekipažyň düzümine bolsa Dmitriý Petelin, Konstantin Borisow we NASA-nyň astronawty Deniz Bernhem girýär.

«Roskosmosyň» habar bermegine görä, Jared Aýzekman «Soýuz MS-29» pilotly älem gämisini alyp barýan göteriji raketanyň uçurylyşyna hem gatnaşar.

Anna Kikina ekipaž resmi taýdan tassyklanandan soň eden çykyşynda uçuş tehnikasyny we uçuşy taýýarlan ähli hünärmenlere hoşallyk bildirdi hem-de ekipažyň uçuşa doly taýýardygyny aýtdy.

Ylmy enjamlar bilen birlikde, «Soýuz MS-29» älem gämisi Halkara kosmos stansiýasyna rus milli tagamlarynyň esasynda taýýarlanan aşhana toplumy hem eltip berer.