Turkmenportal logo
Şu gün 10:44
64476447
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan türki döwletleriň kitaphana ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşdy

Baku şäherinde Birinji Türkologiýa gurultaýynyň 100 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäklerinde Azerbaýjanyň Milli kitaphanasynda türki döwletleriň kitaphana ýolbaşçylarynyň usulyýet maslahaty geçirildi. Maslahata Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň direktory Enejan Geldiýewa hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň direktorynyň orunbasary Laçyn Nurmuhammedowa gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda geljekde kitaphanalaryň arasynda sanly ulgamy kämilleşdirmek, şeýle hem kitaphanalaryň resmi internet saýtlarynyň üsti bilen guralýan medeni çäreler we täzelikler barada özara maglumat alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de çäräniň çäklerinde Birinji Türkologiýa gurultaýynyň 100 ýyllygyna bagyşlanan bibliografik neşiriň tanyşdyrylyşy boldy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişine görä, çärä gatnaşyjylar üçin Baku şäheriniň gözel ýerlerine, taryhy-medeni ýadygärliklerine we Haly muzeýine gezelençler hem guraldy.