Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň birinji ýarym ýyllygyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde milli puluň durnuklylygyny üpjün etmek we döwlet serişdelerini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça tabşyryklar berdi. Degişli tabşyryklar maliýe-ykdysady toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Hojamyrat Geldimyradowa berildi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär.
«Prezident Serdar Berdimuhamedow durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek maksady bilen, milli manadyň hümmetini durnukly saklamaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady» diýlip, habarda bellenilýär.
Döwlet Baştutany şeýle hem döwlet býujetiniň durnuklylygyny üpjün etmek we salgytlaryň doly ýygnalmagy üçin salgyt ulgamyny ösdürmegiň, býujet serişdeleriniň maksadalaýyk sarp edilişine gözegçiligi güýçlendirmegiň, şeýle-de geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny öz wagtynda taýýarlamagyň möhümdigini belledi.
Mundan başga-da, döwlet Baştutany ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberini yzygiderli artdyrmagyň, banklaryň işini kämilleşdirmegiň we hödürlenilýän sanly hyzmatlaryň görnüşlerini köpeltmegiň zerurdygyny tabşyrdy.