Turkmenportal logo
Şu gün 10:16
34663466
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda gaz we nebit önümçiligini artdyrdy

Hökümetiň giňişleýin mejlisinde Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan şu ýylyň alty aýynda meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Nygtalyşy ýaly, 2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynyň netijeleri boýunça senagat ulgamynda durnukly ösüş üpjün edildi. Hususan-da, 39 milliard 147,2 million kub metr tebigy gaz, 4 million 129,8 müň tonna nebit çykaryldy.

2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, dizel ýangyjynyň öndürilişi 0,7 göterim, çalgy ýaglarynyň öndürilişi 7,2 göterim, nebit bitumynyň öndürilişi 39,9 göterim, suwuklandyrylan uglewodorod gazlarynyň öndürilişi 64,5 göterim, sementiň öndürilişi 7,2 göterim, süýji-köke önümleriniň öndürilişi 6,9 göterim, şöhlat önümleriniň öndürilişi 6,7 göterim, süýt önümleriniň öndürilişi 4 göterim, çörek we çörek önümleriniň öndürilişi 1,3 göterim artdy.

Ulag-aragatnaşyk ulgamynda hem oňyn görkezijiler gazanyldy. Ulagyň ähli görnüşleriniň ýük dolanyşygynyň 3,7 göterim, ýolagçy dolanyşygynyň 2 göterim artmagy munuň aýdyň mysalydyr. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi hem 15,3 göterim artdy.

Ýurduň oba hojalygynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýygnalan bugdaý hasyly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11,6 göterim artdy, öndürilen gök önümler 12,8 göterim, azyklyk bakja önümleri 3,3 göterim, ýeralma 4,2 göterim, süýt 0,3 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň alty aýynda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde hem oňyn görkezijiler gazanyldy.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy ýurdumyzyň statistika ulgamyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, bu ugurda halkara guramalar bilen tejribe alyşmak boýunça görülýän çäreler barada hem aýtdy.