Seulda geçirilýän «Ýewraziýa 2026» Ýaşlar akademiýasynyň gatnaşyjylary Türkmenistanyň taryhy, medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşdyryldy.
Medeni-maglumat beriş çäresi Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan «Koreýa – Merkezi Aziýa» hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariaty bilen bilelikde guralyp, 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän birinji «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitiniň öňüsyrasynda Sekretariatyň edara binasynda geçirildi.
Gatnaşyjylara Türkmenistanyň döwlet gurluşy we onuň hemişelik Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasat ugry barada gürrüň berildi, şeýle hem ýurdy ösdürmek boýunça maksatnamalar, şol sanda häzirki zaman «akylly» Arkadag şäheriniň gurluşygy barada maglumatlar hödürlendi.
Ilçihanada bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýyla meýilleşdirilen çärelere aýratyn üns berildi. Bu ýylyň çäklerinde ýurtda medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda we durnukly ösüş ugrunda birnäçe başlangyçlar hem-de çäreler amala aşyrylýar.
Çäreden soňra, gatnaşyjylar ilçihana tarapyndan taýýarlanan sergi bilen tanyşdylar. Sergide türkmen milli lybaslary, saz gurallary, halylar görkezildi hem-de milli tagamlar hödür edildi.