Turkmenportal logo
Şu gün 12:49
81198119
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Indoneziýa palma ýagyndan edilen biodizele geçýär
Surat: 24.kg

Indoneziýa düzüminde 50 göterim palma ýagy bolan B-50 biologik dizel ýangyjyny hökman ulanmak düzgünini girizen ilkinji ýurt boldy. Bu barada «news.by» ýazýar.

Bu aziýa ýurdunyň Prezidenti çözgüde energiýa garaşsyzlygyny gazanmakda we ýangyjyň importyny kemeltmekde möhüm ädim hökmünde baha berdi. Onuň sözlerine görä, B-50 maksatnamasy diňe bir tehnologik üstünlik bolman, Indoneziýanyň öz tebigy gorlaryny peýdalanmak ukybyny görkezýär.

Hökümet diňe bir palma ýagyny gaýtadan işlemegi artdyrman, geljekde ýangyjyň importyndan ýüz öwürmegi hem maksat edinýär.