Türkmenistanda 18-nji sentýabrda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmen döwlet medeniýet instituty tarapyndan Türkmenistanyň milli taryhy boýunça olimpiada geçiriler.
Olimpiada onlaýn görnüşinde guralar. Oňa ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinden hünärine we taýýarlyk ugruna garamazdan 4 talyp gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Olimpiada 60 minut dowam edýän test synagy görnüşinde geçiriler.
Iň köp bal toplan talyplar bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan ediler. Olimpiadada I, II we III orunlary eýelän gatnaşyjylar degişli derejeli diplomlar bilen sylaglanarlar.
Olimpiada gatnaşmak isleýän ýokary okuw mekdepleri 10-njy sentýabra çenli guramaçylyk toparyna talyplar we jogapkär ýolbaşçy baradaky maglumatlary, şeýle hem ýokary okuw mekdebi tarapyndan taýýarlanan olimpiadanyň tabşyryklaryny tdmi@sanly.tm elektron salgysyna ugratmalydyrlar.
Goşmaça maglumatlary +993 48 28-63, +993 65 05-67-49 telefon belgileri ýa-da tdmi.info@mail.ru, bmedeniyet@gmail.com elektron poçta salgylary arkaly alyp bolýar.