Turkmenportal logo
12.07.2026
1246812468
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Futbol boýunça dünýä çempionatynyň ähli ýarym final jübütleri belli boldy

Argentina dünýä çempionatynyň çärýek finalynda goşmaça wagtda Şweýsariýany 3:1 hasabynda ýeňip, ýarym finala çykan iň soňky topar boldy.

Ýarym finalda argentinalylar goşmaça wagtda Norwegiýany 2:1 hasabynda ýeňen Angliýanyň ýygyndysy bilen duşuşarlar. Oýun 15-nji iýulda Aşgabat wagty bilen sagat 23:55-de geçiriler.

Beýleki ýarym finalda bolsa 14-nji iýulda Aşgabat wagty bilen sagat 23:55-de Fransiýanyň we Ispaniýanyň ýygyndylary güýç synanyşar. Çärýek finalda fransuzlar Marokkony 2:0, ispanlar bolsa Belgiýany 2:1 hasabynda ýeňdiler.

Üçünji orun ugrundaky duşuşyk 18-nji iýulda, final oýny bolsa 19-njy iýulda geçiriler.

Dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýär. Häzirki dünýä çempiony Argentinanyň ýygyndysydyr.

Türkmenistanda ýaşaýan futbol janköýerleri dünýä çempionatynyň ähli duşuşyklaryna Belet striming platformasy arkaly göni ýaýlymda tomaşa edip bilerler.