Turkmenportal logo
Düýn 22:59
87618761
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Nesil» gazetine täze baş redaktor bellenildi  

Hojaberdiýew Artykguly Hojageldiýewiç, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, «Nesil» gazetiniň baş redaktory wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Hallygözel Hangeldiýewna Şanazarowa 6 aý synag möhleti bilen bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti degişli resminamalara şu gün geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda gol çekdi.  Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Hojaberdiýew Artykguly Hojageldiýewiç «Nesil» gazetiniň baş redaktory wezipesine 2019-nji ýylyň iýunynda bellenilipdi.