Turkmenportal logo
Düýn 22:55
73227322
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda täze medeniýet ministri bellenildi

Şamyradow Atageldi Aşyrowiç, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň medeniýet ministri wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Gurbanmyrat Şyhmyradowiç Myradalyýew 6 aý synag möhleti bilen bellenilip, ol Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Türkmenistanyň Prezidenti degişli resminamalara şu gün geçirilen  Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda gol çekdi.  Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ýeri gelende bellesek, Şamyradow Atageldi Aşyrowiç Türkmenistanyň medeniýet ministri wezipesine 2017-nji ýylda bellenilipdi.