Turkmenportal logo
Düýn 09:38
62316231
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti edermen gallaçylary we ähli oba hojalyk işgärlerini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow edermen gallaçylary we ähli oba hojalyk işgärlerini sahawatly türkmen topragynda guşgursak bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak hasylyny ýetişdirip, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli berjaý etmekleri bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany Gutlagynda: «Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy toýlanýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda uly ösüşlere eýe bolýan milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda buýsandyryjy netijeler gazanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalygyny ýokary depginde ösdürmek we düýpli özgertmek, ony ykdysadyýetiň iň girdejili pudaklarynyň birine öwürmek boýunça hem uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň agrosenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýeri aýawly, suwy tygşytly peýdalanmak, hasyllylygy ýokarlandyrmak üçin kämil oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar, daýhanlar, ýer eýeleri, mülkdarlar mineral dökünleri bilen üpjün edilýär. Şeýle hem mineral dökünleri öndürýän toplumlaryň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän döwrebap kärhanalaryň gurluşygyna uly möçberli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär.

Merdana halkymyzyň yhlasly zähmet çekmegi, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin edilýän aladalaryň ählisi biziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş syýasatymyzyň ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Hormatly oba zähmetkeşleri!

Siz bereketli türkmen topragynda bugdaýyň, gowaçanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärsiňiz. Siziň çekýän tutanýerli zähmetiňiziň netijesinde ata-babalarymyzyň bize miras goýan kämil daýhançylyk tejribesi häzirki döwrüň ekerançylyk ylmy bilen utgaşdyrylyp, oba hojalygynyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, gallaçylyk pudagynda hem uly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Ýurdumyzyň däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk ylmy-barlag institutlarynda geçirilýän ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, tohumçylyk işini ylmy esasda alyp barmak, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny berýän, kesellere durnukly täze sortlaryny döretmek boýunça hem netijeli işler geçirilýär. Biz bu işleri geljekde-de üstünlikli dowam etdireris.

Ekerançylyk halkymyzyň gadymdan gelýän esasy kesp-kärleriniň biridir. Galla bolsa milli baýlygymyzdyr. Şoňa görä-de, siziň köp yhlas we zähmet siňdirip ýetişdiren bugdaý hasylyňyzy yrýa etmän, doly ýygnap aljakdygyňyza hem-de täze ýylyň bol hasylynyň düýbüni şu günlerden mäkäm tutjakdygyňyza berk ynanýaryn» diýip belleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gutlag hatynyň ahyrynda ýurtda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde tutanýerli zähmet çeken we ýokary netijeleri gazanan ussat gallaçylary, oba hojalyk işgärlerini, şeýle hem hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap, ammarlara daşamakda yhlasly işlän kombaýnçylary, sürüjileri, ähli watandaşlary gazanylan bu ajaýyp zähmet ýeňşi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ata-babalaryň şöhratly daýhançylyk däplerini üstünlikli dowam etdirip, berkarar Watanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.