Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senator Stiw Deýns bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
ABŞ-nyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy Stiw Deýns mähirli kabul edilendigi hem-de amerikan wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Prezident Donald Trampyň döwlet Baştutanyna iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Donald Trampa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de myhmanyň şu saparynyň türkmen-amerikan dostlukly gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirip, saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti ýangyç-energetika, ulag, maliýe, bank, öňdebaryjy tehnologiýalar we emeli aň ýaly ugurlarda ABŞ bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady. Bilim, ylym we medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýar. Köp ýyllaryň dowamynda bu ugurda bilelikdäki maksatnamalar durmuşa geçirildi. Döwlet Baştutany bilim ulgamyndaky maksatnamanyň çäklerinde türkmen ýaşlarynyň ABŞ-nyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandyklaryny aýdyp, soňky ýyllarda bu ugurda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň ABŞ bilen uzak möhletli we köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, senatora işinde uly üstünlikleri, ABŞ-nyň halkyna bolsa parahatçylyk hem-de abadançylyk arzuw etdi.