Turkmenportal logo
Şu gün 16:22
41194119
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Rumyniýada 87 ýaşly pensioner uniwersitete dalaşgär boldy
Surat: ria.ru

Rumyniýada üstümizdäki ýylda 87 ýaşly pensioner Wiorel Pintilesku talyplyga iň uly ýaşly dalaşgär boldy, ol Ýassy şäherindäki tebigat ylymlary uniwersitetine okuwa girmak üçin resminamalaryny tabşyrdy diýip, ýerli «Gazeta Ýass» neşiri ýazýar. 1939-njy ýylda doglan pensioner uniwersitetiň oba hojalyk ylymlary bölüminde biologiýa hünäri boýunça bilim almak isleýär.

Wiorel Pintileskunyň: «Adam akmak bolup ötmeli däldir, hasam ol Ýassydan bolsa... Sebäbi biziň Ýassymyz medeniýetiň sallançagy, men bu ýerde bilimimi baýlaşdyryp bilerin. Okap bilim alanyň bikär ýatandan kän gowudyr. Uniwersitetde okamak iňňän göwnemakul iş» diýen sözlerini ady tutulan gazet getirýär.

87 ýaşly dalaşgär okamak isleginiň düýp sebäbini iň golaý adamynyň - aýalynyň aradan çykmagy bilen baglydygyny gürrüň berýär. Olaryň çagalary bireýýäm öýli-işikli bolup gidipdirler.

Rumyniýada häzir «kümüş» talyplyk möwç alýar: şu tomusda Kujir şäheriniň öňki häkimi Aurel Boýku 89 ýaşynda taryh boýunça magistriň diplomyny aldy. Kluž-Napoka şäherinden Amaliýa-Susana Tuşa diýen 87 ýaşly zenan bolsa, bu ýyl 90 ýaşaýar, häzir ol dini ylymlar bölüminde diplom işini goramaga taýýarlanýar.