Turkmenportal habarlar portaly işläp düzmek bölümi üçin täze hünärmenleriň kabul edilýändigini yglan etdi. Häzirki wagtda Backend işläp düzüji, Frontend işläp düzüji we Flutter işläp düzüji wezipeleri boýunça boş iş orunlary açyk bolmagynda galýar.
Backend işläp düzüji wezipesine dalaşgärlerden Node.js we TypeScript, Express.js, Fastify ýa-da NestJS freýmworklary bilen iş tejribesiniň bolmagy, REST API-leri işläp taýýarlamagy we olary ulgamlara ornaşdyrmagy, PostgreSQL ýa-da MySQL maglumatlar bazalaryny bilmegi, şeýle hem JWT arkaly autentifikasiýa boýunça tejribe talap edilýär. Docker, Redis, Kafka, PM2 we Nginx tehnologiýalaryny bilmek goşmaça artykmaçlyk hasaplanýar.
Frontend işläp düzüji bolsa React, Next.js 16, TypeScript, Ant Design, Tailwind CSS we Vite tehnologiýalaryny özleşdiren, dürli enjamlara laýyk uýgunlaşýan ulanyjy interfeýslerini döretmek hem-de REST API bilen işlemek boýunça tejribä eýe bolmalydyr. Şeýle hem Zustand ýa-da Redux, React Query bilen işlemek başarnyklary we SSR/CSR ýörelgelerine düşünmek artykmaçlyk hökmünde baha berler.
Flutter işläp düzüji wezipesi üçin Flutter we Dart esasynda köp platformaly ykjam goşundylary taýýarlamak, REST API we JSON bilen işlemek, şeýle hem uýgunlaşýan interfeýsleri döretmek boýunça tejribäniň bolmagy zerurdyr. Mundan başga-da, Provider, BLoC ýa-da Riverpod, Firebase, ýerli maglumat ammarlary (Hive, SharedPreferences, SQLite) bilen işlemek hem-de Clean Architecture ýörelgelerini bilmek artykmaçlyk hasaplanýar.
Ähli üç wezipe boýunça dalaşgärlerden azyndan iki ýyllyk iş tejribesi talap edilýär. Iş Aşgabatdaky ofisde, doly iş güni şertlerinde alnyp barylar. Zähmet haky dalaşgäriň iş tejribesine we hünär derejesine baglylykda 5000-den 8000 manada çenli kesgitlenýär.
Gyzyklanma bildirýän dalaşgärler öz terjimehalyny (CV) r569837@gmail.com elektron poçta salgysyna iberip bilerler.