Halkara atom energiýasy boýunça agentligiň baş direktory Rafael Grossi eger Birleşen Milletler Guramasyna baş sekretarlygyna saýlansa, hemmeler bilen dialogy alyp barjakdygyny aýtdy diýip, «ria.ru» ýazýar.
Grossi BMG-niň Halkara atom energiýasy boýunça agentlikden (MAGATE) tapawutlanýandygyny nygtady. Onuň sözlerine görä, BMG-de möhüm merkez – Howpsuzlyk Geňeşiniň bäş sany hemişelik agzasy, galyberse-de, hemişelik däl agza ýurtlar we Baş Assambleýa bar. Bu dürli meýdançalar bilen özüne kybap işleşmek gerek. «Şonuň üçin düşnükli bolar ýaly edip aýdaýyn: siziň mende görjek baş sekretaryňyz siziň häzirki görýän baş direktoryňyza örän meňzeş bolar. Men hemmeler bilen gepleşýän adam, örän, örän galjaň adam» diýip, Grossi sözüni jemledi.