10-njy iýula geçilen gije ABŞ-nyň Foksboro şäherindäki «Jillett» stadionynda 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň birinji çärýek final duşuşygy geçiriler. Onda Fransiýanyň ýygyndysy bilen Marokkonyň ýygyndysy ýarym finala çykmak ugrunda güýç synanyşarlar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 01:00-da başlanar. Oýnuň göni ýaýlymyna Belet striming platformasynda tomaşa edip bolar.
Bu duşuşyga aýratyn gyzyklanma döredýän ýagdaýlaryň biri hem meýdançada öňki klubdaşlaryň garşydaş hökmünde duşuşmagydyr. Fransiýanyň ýygyndysynyň kapitany Kilian Mbappe bilen Marokkonyň goragçysy Aşraf Hakimi ýakyn wagta çenli «Pari Sen-Žermen» klubunda bile çykyş edipdiler. Mundan başga-da, Marokkonyň düzüminde çykyş edýän Braim Dias häzirki wagtda Madridiň «Real» klubynda Mbappe bilen bile oýnaýar. Şeýlelikde, çärýek finalda diňe milli ýygyndylardaky garşydaşlar däl-de, eýsem klubdaşlar hem biri-birine garşy çykyş ederler.
Bu duşuşyk belli bir derejede 2022-nji ýylda Katarda geçirilen dünýä çempionatynyň ýarym finalyny ýatladýar. Şol gezek dartgynly geçen oýunda Fransiýanyň ýygyndysy Marokkonyň ýygyndysyny ýeňip, finala çykypdy. Marokko şol çempionatda dünýä çempionatynyň ýarym finalyna çenli baryp ýeten ilkinji Afrika yklymynyň ýygyndysy bolup taryha giripdi we indi şol üstünligi gaýtalamaga ýa-da ondan hem ýokary netije görkezmek mümkinçiligine eýe bolýar.
2026-njy ýylyň ýaryşynda iki topar hem ýokary derejedäki oýun görkezdi. Fransiýa bäş duşuşykda 14 gol geçirip, çärýek finala ýaryşyň iň netijeli topary hökmünde geldi. Mbappeniň hüjümdäki ýoldaşlary bilen emele getiren üçlügi hem gollary, şeýle-de netijeli paslary bilen tapawutlanýar. Marokko bolsa toparçalaýyn tapgyrda Braziliýadan utuk alyp, soňra penaltiler boýunça Niderlandlary ýaryşdan çykaryp, Afrikanyň iň güýçli ýygyndylarynyň biridigini ýene bir gezek subut etdi. Şeýle-de bolsa, topar çärýek finala ýitgiler bilen çykýar: goragçy Çadi Riad we hüjümiň esasy oýunçylarynyň biri Ismael Saýbari şikes sebäpli oýna gatnaşyp bilmez.
Bukmeker kompaniýalarynyň ählisi diýen ýaly bu duşuşykda Fransiýany esasy dalaşgär hasaplaýar. Häzirki dünýä çempionlarynyň ýeňşine goýulýan koeffisiýent 1,55–1,60 aralygynda bolsa, Marokkonyň ýeňşi 6,0–6,6 koeffisiýent bilen bahalandyrylýar. Deňme-deň netije üçin bolsa dürli bukmekerler 3,8–4,1 aralygyndaky koeffisiýentleri hödürleýärler. Bilermenler duşuşykda köp gol bolaryna garaşmaýarlar. Oýunda 2,5 goldan az ýa-da köp gol bolmagyna degişli koeffisiýentler deň diýen ýalydyr — olar 1,90–1,98 aralygynda kesgitlenendir. Bu bolsa duşuşykda näçe gol geçiriljekdigi barada anyk çaklamanyň ýokdugyny görkezýär.
Bu duşuşygyň ýeňijisi ýarym finalda Ispaniýa bilen Belgiýanyň ýygyndylarynyň arasyndaky oýnuň ýeňijisi bilen duşuşar.