Russiýaly žurnalist Anton Mironow Kuznesk Alataunda adaty bolmadyk tapyndynyň üstünden bardy: daglyk ýerde kän ýyllap ýatan fotokamerany tapdy. Taýganyň ýowuz tebigaty enjama zeper ýetirip bilmändir. Onuň ýady hem abat saklanyp, içinde-de köpsanly suratlar bar ekeni diýip, «МК в Кузбассе» neşiri habar berdi.
Fleşkanyň içindäki fotosuratlaryň 2013-nji ýyl bilen senelenýändigini anyklamak başartdy. Olarda kameranyň tapylan ýerine syýahata gelen ýetginjekler şekillendirilipdir.
Mironow şol ýetginjekleri gözlemek kararyna geldi, olar häzir uly adamlar bolup ýetişendirler hem-de öz ýaşlyk suratlaryny ýakymly duýgular bilen synlarlar diýip, pikir etdi. Netijede, oglanlaryň ikisini tapmak başartdy. Mironow şeýle hem fotokamerany eýesine gaýdyp berdi. Enjamyň eýesi sport tälimçisi bolup çykdy, ol çagaka dostlary bilen şeýle syýahatlara kän gider ekeni. Emma bir gezek ol fotoenjamyny ýolda gaçyrypdyr.