Turkmenportal logo
Şu gün 10:31
16181618
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Abu-Dabi şäherinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary 1 — 10-njy iýul aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriň Abu-Dabi şäherinde ýerleşýän Khalifa uniwersiteti tarapyndan guralýan «Daşary ýurtly talyplar üçin tomusky energetika lageri» atly okuw maksatnamasyna laýyklykda, okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Okuw-önümçilik tejribeliginiň esasy maksady, ADNOC kompaniýasynyň alyp barýan önümçilik işleri bilen tanyşmak, Khalifa uniwersitetiniň okuw we ylmy işleri boýunça tejribesini öwrenmek.

Okuw-önümçilik tejribeliginiň dowamynda talyplar Khalifa uniwersitetiniň häzirki zaman nebit-gaz tehnologiýalary, emeli aňyň energetika pudagyna ornaşdyrylyşy, tejribehanalarynda alnyp barylýan ylmy-barlag işleri hem-de öňdebaryjy önümçilik usullary, okuw merkezleri, muzeýleri bilen içgin tanyşýarlar we nazary bilimlerini halkara tejribesi bilen baýlaşdyrýarlar.

Talyplar ADNOC kompaniýasynyň önümçilik desgalaryna, Aerokosmos barlaghanasyna, 3D çap etmek we tehniki hyzmatlaryň barlaghanasyna baryp görerler. Şeýle hem talyplar «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri», «Guýulary burawlamak» boýunça hem-de «Nebitiň we gazyň inženerligi», «Gatlak flýuidleriň häsiýetleri» atly gysga möhletli okuwlara gatnaşarlar.