Turkmenportal logo
Şu gün 09:27
16471647
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Le Pen Fransiýada Prezident saýlawlaryna gatnaşmakçy
Surat: interfax.ru

Fransiýanyň «Milli bileleşik» sagçy milli partiýasynyň parlament fraksiýasynyň ýolbaşçysy Marin Le Pen özüni ýurduň döwlet Baştutanynyň öňde boljak saýlawlaryna dalaşgär diýip yglan etdi. Ol bu barada TF-1 teleýaýlymynda çykyşynda habar berdi diýip, «INTERFAX.RU» ýazýar.

Öň, hepdäniň sişenbe güni Parižiň şikaýat kazyýeti Ýewropa Parlamentinde serişdeleriň bikanun ogurlanmagy barada iş boýunça höküm çykardy, oňa görä, Le Pen üç ýyl ( iki ýyly şertli, bir ýyl bolsa elektron bilezik dakynmak bilen çalşyldy) azatlykdan mahrum edildi. Muňa garamazdan, syýasatçy zenan ady tutulan partiýadan Prezident saýlawlarynda dalaş etmäge goýberilip bilner.