Turkmenportal logo
Düýn 22:24
51095109
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi  
Surat: Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri mähirli kabul edilendigi hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan etdi. Şeýle-de pursatdan peýdalanyp, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň döwlet Baştutanyna iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Azerbaýjanyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de myhmanyň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly goşant boljakdygyna we döwletara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-azerbaýjan toparynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw edip, bu mejlisiň ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge hem-de Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini belledi.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Azerbaýjan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Iki ýurdy hem-de halky özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça üstünlikli ösdürilýär. Syýasy dialog yzygiderli pugtalandyrylýar. Söwda-ykdysady gatnaşyklar giňeldilýär. Bilelikdäki giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.