ÝUNISEF Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde ýaşlar üçin howanyň üýtgemegi meselelerine bagyşlanan ikinji «Tomusky mekdebi» açdy.
Şu ýyl tomusky mekdebe açyk bäsleşikli saýlap almaklygyň esasynda ýurduň ähli sebitlerinden seçilip alnan, ýaşy 16-dan 25-e çenli bolan ýaş nesliň 35 wekili gatnaşýar.
Okuw maksatnamasy dört tematik bölümden ybarat bolup, olarda howanyň üýtgemegi, suw serişdelerini durnukly dolandyrmak, biologik köpdürlüligi gorap saklamak, çölleşmä garşy göreş, şäherleriň durnukly ösüşi hem-de galyndylary dolandyrmak meseleleri öwrenilýär.
Milli we halkara bilermenleriň gatnaşmagynda geçiriljek okuw sapaklary bilen birlikde, gatnaşyjylar üçin interaktiw okuwlar, toparlaýyn taslamalar we göçme okuw saparlary hem guralar.
2026-njy ýylyň «Tomusky mekdebi» LCOY Turkmenistan 2026 — Milli ýaşlar howa maslahatyna resmi taýýarlyk görmek meýdançasy bolar. Bu çäre BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň (UNFCCC) resmi ýaşlar platformasy bolan YOUNGO-nyň goldawy bilen geçirilýär. Maksatnamanyň dowamynda gatnaşyjylar COP31 maslahatyna hödürlenjek Türkmenistanyň Milli ýaşlar beýannamasynyň taýýarlanylmagyna goşant goşarlar. Bu resminama türkmen ýaşlarynyň halkara howa gün tertibindäki garaýyşlaryny we ileri tutýan ugurlaryny beýan eder.