Turkmenportal logo
Düýn 17:07
86708670
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
 Özbegistanda bäşem çaga dünýä indi
Surat: mir24.tv

Özbegistanyň gündogaryndaky Andijan şäherinde zenan birbada bäş çaga – üç gyzjagaz we iki oglanjyk dünýä inderdi. Bäbekleriň agramy 1,25 kg.-dan 1,605 kg çenli. Ejesi we bäbekler özlerini gowy duýýarlar hem-de lukmanlaryň gözegçiliginde diýip, ýurduň Saglygy goraýyş ministrligi habar berdi. Ministrligiň Telegram-ýaýlymynda sebitde geçen ýylyň maýynda hem dördem çaganyň dünýä inendigi aýdylýar.

Ýeri gelende aýtsak, bäşem çagalaryň dünýä inmegi seýrek duş gelýän wakadyr. Lukmanlaryň bahalandyrmagyna görä, bäşemleriň tebigy dünýä inmeginiň ähtimallygy dogumlaryň 55-60 millionynda bir gezekdir.