Turkmenportal logo
Şu gün 16:52
28452845
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Türkmen-azerbaýjan işewürler geňeşini döretmek ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabatda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky Bilelikdäki hökümetara toparyň 9-njy mejlisi geçirildi. Mejlisde türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew, azerbaýjan tarapyndan bolsa ýurda iş sapary bilen gelen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow gatnaşdy.

​Jabbarowyň «X» jemgyýetçilik torundaky sahypasynda habar berlişi ýaly, duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmen-azerbaýjan işewürler geňeşini döretmek baradaky başlangyjy ara alyp maslahatlaşdylar. Bu meýdança iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa etmek üçin möhüm gural hökmünde garalýar.

​Mejlisiň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda söwda-ykdysady, energetika, ulag, oba hojalygy, azyk howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak we suw hojalygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy göz öňünde tutýan Teswirnama gol çekildi.