Russiýanyň daşary işler ministri Afrika ýurtlary boýunça sapara ugrady. Sergeý Lawrow ilki Efiopiýa bardy. Hökümet uçary paýtagt Addis-Abebede gondy diýip, «MIR 24» habar berdi.
Afrika ýurtlary boýunça saparynyň dowamynda Russiýanyň DIM-niň başlygynyň Sahel ýurtlarynyň bileleşiginiň döwlet baştutanlarydyr beýleki ýokary wezipeli adamlary bilen duşuşyklary meýilleşdirildi. Soňky ýyllarda Russiýanyň bu yklymyň ýurtlary bilen dürli ugurlarda, şol sanda senagat, atom beketleriniň gurluşygy, gazylyp alynýan peýdaly magdanlar pudaklarynda gatnaşyklary işjeňleşýär.
Sergeý Lawrow şu gün – çarşenbede Niger döwletine barar. Ol ýerde Russiýa-Sahel döwletleri bileleşiginiň (Niger, Mali, Burkina-Faso) ikinji doly derejeli duşuşygy bolar.