Dalaý-lama XIV Tenzin Gýaso doglan gününde 130 ýyl töweregi ýaşamagynyň mümkindigini aýtdy diýip, onuň resmi saýtyna salgylanýan «ria.ru» ýazýar.
«Men eýýäm 91 ýaşymda. Eger görýän düýşlerimden çen tutsaň, ýüz ýyldanam kän ýaşaryn» diýip, ol Hindistanyň Ladaka şäherinde dindarlar bilen duşuşykda gürrüň berdi. Dalaý-lamanyň maksady Ýerde ýaşaýan ähli janly-jandarlara kömek etmekdir we ol diňe şu pikirden ugur alýar.
Dalaý-lama XIV (Lhamo Dhondrub, soňra Tenzin Gýaso) 1935-nji ýylyň 6-njy iýulynda Tibetiň demirgazyk-gündogaryndaky Takser obajygynda doguldy. 1937-nji ýylda ol özünden öňki ruhy ýolbaşçy Dalaý-lama XIII täzeden dünýä inen ruhy diýlip ykrar edildi.
Häzirki wagtda Dalaý-lamanyň kabulhanasy Hindistanyň Himaçal-Pradeş ştatynyň Dharamsala şäherinde ýerleşýär. 1989-njy ýylda ol parahatçylyk boýunça Nobel baýragy bilen sylaglandy.