Gyrgyz halkynyň «Manas» eposyny indi hindi dilinde-de okap bolýar. Neşiriň tanyşdyrylyş dabarasy Bişkekde «Manas we Mahabharata» atly siwilizasion ylmy barlaglaryň halkara merkeziniň açylyşynda boldy diýip, «MIR 24» habar berdi.
Dünýäde iň uly eposyň hindiçä terjimesiniň üstünde gyrgyz ýazyjysy Mar Baýjyýewiň hem-de tanymal hindi alymlary – professor Hemçand Pandeniň we Ramakant Dwiwediniň işländigi aýdylýar.
Täze açylan merkeziň esasy maksady – Gyrgyzystan bilen Hindistanyň arasynda medeni dialogy ösdürmekden ybaratdyr. 2027-nji ýylda ol ýerde «Manas-Mahabharata ylmy derňewleri» ylmy mekdebini açmak meýilleşdirilýär.