Turkmenportal logo
Şu gün 11:32
40284028
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanjakdygy yglan edildi

Aşgabatdaky Beýik Britaniýanyň ilçihanasy 2027–2028-nji okuw ýyly üçin Chevening talyp haky maksatnamasyna resminamalaryň kabul edilip başlanjakdygyny habar berdi.

Ilçihana Chevening maksatnamasynyň diňe bir Beýik Britaniýada bilim almaga döredilýän mümkinçilik bolman, eýsem umumy gymmatlyklary, dünýä derejesindäki bilimleri hem-de Birleşen Patyşalyk bilen ýola goýlan gatnaşyklary birleşdirýän zehinli liderleriň halkara jemgyýetidigini belledi. Bu jemgyýetiň agzalary dünýäniň iň derwaýys meselelerini çözmek we durnukly ösüşe ýardam bermek ugrunda bilelikde işleýärler.

Maksatnamany gurnaýjylar onuň Chevening gymmatlyklaryny paýlaşýan hem-de Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa üçin ileri tutulýan ugurlarda oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça anyk we durmuşa geçirip boljak meýilnamasy bolan dalaşgärler üçin açykdygyny nygtaýarlar.

Resminamalaryň kabul edilişi 4-nji awgustda başlap, 6-njy oktýabrda tamamlanar.

Chevening maksatnamasy arkaly Beýik Britaniýada bilim almak barada has giňişleýin maglumatlary chevening.org/vision saýtyna girip, alyp bolýar.