7-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda söwdalar geçirilip, olaryň dowamynda daşary ýurtly we içerki bazarda şertnamalar baglaşyldy.
Daşary ýurt bazarynda Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler ýerli öndürijilerden arassalanan (rafinirlenen) pagta ýagyny satyn aldylar. Türkiýeli telekeçiler bolsa pagta matasyny we dokma önümlerini satyn almak boýunça şertnamalary baglaşdylar.
Içerki bazarda ýerli telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninden «TPP D 30 S» kysymly polipropilen, şeýle hem «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginden 1-nji sortly bugdaý ununy satyn aldylar.
Söwdalaryň dowamynda jemi 63 430 000,00 manat we 1 721 211,17 ABŞ dollary möçberinde 6 sany şertnama baglaşyldy.