Şu gün Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hünärmenleri bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk boýunça müdirligi (BMG-niň NJM) tarapyndan baha beriş meýdan saparyny geçirmek üçin işe çekilen halkara bilermeni Jim Nýukirk bilen duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşygyň dowamynda taraplar BMG-niň NJM-i bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem bilelikdäki işiň çäklerinde gazanylan netijeler, şol sanda Port gözegçilik toparlarynyň alyp barýan işi, bilelikdäki okuw-türgenleşikler hem-de beýleki çäreleriň durmuşa geçirilişi barada pikir alşyldy.
Mundan başga-da, ýakyn bäş ýyl üçin BMG-niň NJM-i bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi we özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek meselelerine aýratyn üns berildi.