Turkmenportal logo
Şu gün 18:13
11651165
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Modi: Hindistan energiýa kynçylygyny dürli ýurtlar bilen dostlugy arkaly ýeňýär
Surat: armenpress.am

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi öz ýurdunyň Ormuz bogazynyň ýapylmagy sebäpli emele gelen energiýa kynçylyklaryny dürli ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklar arkaly ýeňmegi başarandygyny aýtdy. Bu barada «Times of India» gazetine salgylanýan «Armenpress» habar berdi.

«Uruş döwri (Ýakyn Gündogarda) Hindistanyň beýleki ýurtlar bilen dostlugy diýseň peýdaly boldy. Ondan öň Hindistan ýangyjy we energiýa göterijileri 25-26 ýurtdan satyn alýardy. Uruş döwri bolsa, 40-dan gowrak ýurtdan import etdik» diýip, Modi nygtady. Premýer-ministr şeýle hem ýurtda oppozision güýçleriň ýangyç kynçylygy döwri myş-myşlardyr gorky ýaýratmaga çalşandygyny, emma Hökümetiň ony ýeňmegi başarandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Modi: Hindistan energiýa kynçylygyny dürli ýurtlar bilen dostlugy arkaly ýeňýär | Turkmenportal.com