2025-nji ýylyň jemleri boýunça Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 60%-den gowrak ýokarlanyp, takmynan, 36,5 million amerikan dollaryna ýetdi. Bu barada Ermenistanyň Türkmenistandaky ilçisi Arsen Awagýan «Turkmenportal» internet neşirine beren interwýusynda mälim etdi.
«2022-nji ýylda haryt dolanyşygynyň möçberi, takmynan, 21,1 million amerikan dollaryna deň bolup, 2023-nji ýylda bu görkeziji, takmynan, şol bir derejede saklanypdy. Eýýäm 2024-nji ýylda bolsa 22,3 million amerikan dollaryndan geçdi. 2025-nji ýylyň jemleri boýunça özara haryt dolanyşygy, takmynan, 36,5 million amerikan dollaryna ýetip, ep-esli ösüş görkezdi» – diýip ilçi belledi.
Diplomatyň sözlerine görä, oňyn ösüş depgini şu ýylda hem dowam edýär: 2026-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň jemleri boýunça Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberi eýýäm 17,5 million amerikan dollaryna ýetdi. Bu bolsa söwda-ykdysady ugurda ýokary işjeňligiň saklanýandygyna şaýatlyk edýär.
Awagýan soňky ýyllarda haryt dolanyşygynyň ösmeginiň ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny görkezýändigini, bar bolan mümkinçilikleriň bolsa özara söwdanyň möçberlerini has-da artdyrmaga, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge şert döredýändigini belledi.
«Meniň 2026-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda Ýerewanda geçirilen, iki ýurduň işewürleriniň, hususy pudagyň arasyndaky gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk üçin täze meýdança öwrülen bilelikdäki ermeni-türkmen biznes-forumynyň guralandygyny kanagatlanma bilen bellesim gelýär» – diýip diplomat nygtady.
Şonuň bilen birlikde, ilçiniň aýtmagyna görä, bar bolan görkezijiler iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hakyky mümkinçiliklerini entek doly şöhlelendirenok. Energetika pudagynda, ulag-logistika arabaglanyşygynda, himiýa we derman senagaty, dokma senagatynda, oba hojalygynda, azyk we gaýtadan işleýän senagatda, ýokary tehnologiýalar ulgamynda, şeýle hem sanlylaşdyrmak we innowasiýalar ulgamynda uly mümkinçilikler açylýar. Awagýan ulag-kommunikasiýa pudagynyň özara täsiri giňeltmäge we iki döwletiň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini ulanmaga aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Munuň özi sebitara özara baglanyşygy güýçlendirmegiň häzirki zaman tendensiýalaryna laýyk gelýär.
Interwýunyň doly görnüşi bilen şu ýerde tanyş bolup bilersiňiz.