Owganystanyň paýtagtynda suwuň çynlakaý ýetmezçiligi millionlarça adamyň durmuşyna ýaramaz täsir edip biler. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynda habar berdiler diýip, «INTERFAX.RU» ýazýar.
«Kabulda çynlakaý suw ýetmezçiligini synlamak mümkin. Bu kynçylyk millionlarça adama degişli. Bu şäherde häzir hem, geljekde-de kynçylyk döredip biler» diýip, BMG-niň Ilatly ýerler boýunça maksatnamasynyň owgan bölüminiň ýolbaşçysy Stefani Lýus aýtdy.
Guramanyň hünärmenleri şeýle meseläniň döremeginiň sebäpleri hökmünde Kabulyň ilatynyň çalt köpelmegini, suw gorlarynyň işjeň ulanylmagyny hem-de howanyň üýtgemegini görkezýärler.