Turkmenportal logo
Şu gün 15:17
877877
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Italiýada dünýäde iň uly kagyz uçar ýasadylar
Surat: runews24.ru

Italiýanyň Pizan uniwersitetiniň talyplary taryhda iň ullakan kagyz uçar ýasap, dünýä rekordyny goýdular. «ICARUS» diýlip at berlen enjam 59 metr aralyga uçdy. Bu Bolonýada geçirilen WMF (We Make Future) sergisiniň çäklerinde görkezildi diýip, okuw mekdebiniň metbugat gullugyna salgylanýan «360» portaly habar berdi.

Taslamany inženerçilik bölüminiň talyplary amala aşyrdylar: olar diňe kagyz hem-de ýelim ulanyp, ullakan uçaryň nusgasyny döretdiler, şunda karkas ulanylmady. Uçujy enjamyň göwrümi haýran galdyrýar: ganatlarynyň ýaýrawy 20,04 metre ýetýär, korpusynyň uzynlygy bolsa, ýedi metr töweregidir. Netijede, topara Braunşweýg tehniki uniwersitetine degişli bolan, 2013-nji ýyldan bäri saklanyp gelýän öňki rekorddan ozmak başartdy. Taslama gatnaşyjylaryň sözlerine görä, bu pikir duýdansyz döräpdir, talyplar arakesme wagtlary adaty kagyz uçarjyklary ýasap, göwün açmak üçin uçurypdyrlar. Talyplar eger bu meselä akylly-başly çemeleşilse, adaty kagyzy çynlakaý inženerçilik pikirine eýe edip boljakdygyna ynanypdyrlar. Uzaga çeken köp aýlyk işden soňra, usuly hasaplamalardyr kompýuter nusgalamalar arkaly olar häzirki netijäni gazanmagyň hötdesinden gelipdirler.