Turkmenportal logo
Şu gün 11:55
17221722
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Porsche» dört müň iş ornuny azaldýar
Surat: ria.ru

Germaniýanyň «Porsche» awtoulag kompaniýasy çykdajylary azaltmak maksady bilen, 4 müň iş ornuny kemeltmegi meýilleşdirýär diýip, çeşmelere salgylanýan «Handelsblatt» gazeti habar berdi.

Neşir ilki bilen kompaniýanyň edara ediş we dolandyryş düzüminiň işgär sanynyň azaldyljakdygyny habar berýär. Şol sanda kompaniýanyň Waýsah şäherinde ýerleşýän ylmy-barlag merkeziniň önümçilik kuwwatlyklary 30 göterime çenli azaldylyp bilner.

Iýunda «Manager Magazin» gazeti «Porsche» kompaniýasyna eýelik edýän «Volkswagen» nemes awtokonserniniň golaý ýyllarda tutuş dünýäde umumy sany 657 müň adama deň bolan işgärleriniň 100 müňüsini azaltmakçydygyny habar berdi. Konserniň edarasynyň dokuz agzasyndan altysyna işden boşadylmak howpy abanýar.