Wenesuelada bolan güýçli ýertitremeden soňra 12 ýaşly gyzjagaz Fabiana Blanko öz öýleriniň harabasynyň astynda 32 sagadyny geçirdi hem-de üwmeç we peýnir iýip diri galdy, ony halas edijiler tapdylar diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Haçanda diwarlar ýykylyp başlanda, Fabiana otagdan ylgap çykmagy başardy, emma beton diwarlaryň arasynda gysylyp galdy. Jaýyň petigi onuň ýüzüne bary-ýogy birnäçe santimetr ýetmän saklandy.
Ilkinji sagatlary ol ümsüm geçirdi, soňra harabanyň aşagynda galan şepagat uýasynyň sesini eşitdi. Zenany halas etdiler, ol şonda ýykylan jaýyň içinde bir gyzjagazyň diridigini habar berdi. Emma gözleg toparlary gyzy näçe gözleselerem, tapyp bilmediler. Fabiana harabanyň aşagyndan öz telefonyny tapdy, emma aragatnaşyk kesilipdi. Ol haçan hem bolsa, görerler diýen umyt bilen wideo ýazmaga başlady. Huşundan gitmezlik üçin bolsa, elýeterinden tapan üwmeç çüýşesinden hem-de biraz peýnir böleginden garbanýardy. Fabiana onsoňam parahat bolmaga jan edip, yzyny kesmän doga okaýardy.
Ahyry gyzjagaz özüni Wiktor diýip tanadan meýletinçiniň sesini eşitdi we jogap berdi. Şondan soňra halas edijiler gyzjagazyň nirede ýatandygyny anykladylar we oňa ýetmek üçin ötük gazyp ugradylar.
Fabiana Blankonyň aýaklary döwülipdi, elleri sypjyrylypdy. Ony halas etdiler. Gyzjagazyň ejesi habarçylara jaýyň 50 ýaşaýjysyndan diňe üç adamy halas etmegiň başardandygyny gürrüň berdi.