Aşgabatdaky ÝHHG merkezi wekilhananyň ýolbaşçysyna, merkeziň işgärlerine we guramanyň ýokary derejeli myhmanlaryna ulag hyzmatyny üpjün etjek sürüji wezipesine dalaşgärleri işe çagyrýar.
Çap edilen bildirişe görä, bu wezipe maliýe dolandyryş bölüminiň ýolbaşçysyna tabyn bolar hem-de satyn alyşlar we emlägi dolandyrmak boýunça hünärmen bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi göz öňünde tutýar. Saýlanyp alynjak dalaşgäriň esasy wezipe borçlaryna işgärleri howpsuz we öz wagtynda gatnatmak, resmi wekilleri howa menzilinde garşy almak, gümrük resminamalaryny resmileşdirmekde ýardam bermek, şeýle hem berkidilen ulaglaryň gündelik tehniki gözegçiligini geçirmek girýär.
Mundan başga-da, işgär iş saparlarynyň, ýangyç sarp edilişiniň we ulaglaryň tehniki hyzmatynyň hasabyny ýöretmeli, awtoulag parkynyň maglumatlar binýadyny täzeläp durmaly hem-de her aýlyk hasabatlary taýýarlamaly bolar.
Dalaşgärlere doly orta bilim, sürüji bolup azyndan dört ýyl iş tejribesi (halkara ýa-da diplomatik guramalarda işlänlere artykmaçlyk berler), ýol-ulag hadysasyz sürüjilik tejribesi, Aşgabat şäherini we onuň töweregini gowy bilmek, şeýle hem «B» derejeli hereket edýän sürüjilik şahadatnamasynyň bolmagy ýaly talaplar bildirilýär. Şeýle-de kompýuterden başarnykly peýdalanmak we iňlis dilini bilmek makullanýar.
Bu wezipe boýunça aýlyk zähmet haky durmuş ätiýaçlandyryş tölegleri bilen birlikde aýda 773 ýewro möçberinde kesgitlenendir. Şeýle hem zähmet haky Türkmenistanda salgytdan boşadylandyr. Durmuş üpjünçiligi bukjasyna Cigna maksatnamasy boýunça lukmançylyk ätiýaçlandyryşy we ÝHHG-niň Provident gaznasyna gatnaşmak mümkinçiligi girýär.
Resminamalar ÝHHG-niň resmi iş orunlary portaly vacancies.osce.org arkaly kabul edilýär. Gurama boş iş orny boýunça bäsleşige diňe ÝHHG-na agza döwletleriň raýatlarynyň gatnaşyp biljekdigini belleýär.