Türkmenistanyň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary 29-njy iýundan 20-nji iýul aralygynda Pekin şäherindäki Hytaýyň nebit uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribesini geçýärler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Okuw saparynyň maksatnamasyna Hytaýyň Milli nebit-gaz korporasiýasyna (CNPC) we onuň önümçilik desgalaryna baryp görmek hem girizildi.
Mundan başga-da, talyplar üçin «Hytaý diliniň esaslary», «Hytaýyň medeniýeti», «Ýaşyl energetika we uglerod zyňyndylaryny azaltmak», «Nebitgaz pudagynyň geljegi» hem-de «Ýüpek ýolunda energetika hyzmatdaşlygynyň geljegi» atly gysga möhletli okuwlar guraldy. Sapaklar Hytaýyň nebit uniwersitetiniň öňdebaryjy professorlary tarapyndan alnyp barylýar.
Tejribäniň dowamynda talyplar sanly tehnologiýalary bilim ulgamyna ornaşdyrmagyň öňdebaryjy usullary, emeli aňyň bilim ulgamynda ulanylyş mümkinçilikleri, häzirki zaman interaktiw okuw usullary, ylmy-barlag işleriniň guralyşy bilen tanyşýarlar. Şeýle hem olar hytaýly talyplar we Hytaýyň nebit uniwersitetinde bilim alýan türkmen ýaşlary bilen tejribe alyşýarlar.
Bu önümçilik-okuw tejribeligi şu ýylyň aprel aýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Hytaýyň Bilim ministrliginiň Hytaý we daşary ýurt dilleri boýunça alyş-çalyş hem-de hyzmatdaşlyk merkezi we Hytaýyň nebit uniwersitetiniň arasynda gol çekilen Türkmen-hytaý bilelikdäki energetika okuw merkezini döretmek baradaky ylalaşygyň çäklerinde guraldy.