Turkmenportal logo
Şu gün 12:41
29172917
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Neýmar DÇ-2026-dan soň Braziliýanyň milli ýygyndysyndaky futbol ýoluny tamamlaýandygyny mälim etdi

Braziliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň taryhynda iň köp gol geçiren oýunçy Neýmar milli ýygyndydaky futbol ýoluny tamamlaýandygyny yglan etdi.

Aşgabat wagty bilen 6-njy iýula geçilen gije 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda Norwegiýanyň ýygyndysy Braziliýany 2:1 hasabynda ýeňdi. Neýmar 67-nji minutda Gabriel Martinelliniň deregine meýdança çykdy. Bu duşuşyk onuň Dünýä çempionatlaryndaky 15-nji oýny boldy. Şeýlelikde, ol bu görkeziji boýunça üç gezek dünýä çempiony bolan Peleden öňe geçdi.Oýnuň ikinji ýarymynyň goşmaça wagtynda Kazemiro garşy edilen düzgün bozma üçin bellenen 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip, Neýmar oýnuň jemleýji hasabyny kesgitledi. Şeýle hem ol Peleden soň dört Dünýä çempionatynda tapawutlanan ikinji braziliýaly futbolçy boldy. Eminiň oýnuň gutarandygy baradaky jürlewiginden soň Neýmar gözýaşlaryny saklap bilmedi.

«Men elimden gelenini etdim. Indi hemme zat tamamlandy. Men şu ýerde başladym, şu ýerde-de tamamlaýaryn» — diýip, Globo neşiri Neýmaryň sözlerini getirýär.

34 ýaşly Neýmar Braziliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde geçiren 130 duşuşygynda 80 pökgi geçirip, toparyň taryhynda iň netijeli oýunçy hasaplanýar. «Santosyň» futbol mekdebiniň ýetişdiren oýunçysy bolan Neýmar mundan başga-da Ispaniýanyň «Barselona», Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» we Saud Arabystanynyň «Al-Hilýal» klublarynda çykyş etdi.

Norwegiýanyň ýygyndysyna ýeňiş getiren pökgüleri Angliýanyň «Mançester Siti» klubunyň hüjümçisi Erling Holand geçirdi. Ol bu duşuşykda iki gol geçirip, çempionatdaky gollarynyň sanyny ýedä ýetirdi we bu görkeziji boýunça fransiýaly Kilian Mbappe hem-de argentinaly Lionel Messi bilen deňleşdi.

Şeýle hem Holand ilkinji Dünýä çempionatyndaky geçiren pökgüleriniň sany boýunça polşaly Gžegož Lýatonyň gazanan netijesini gaýtalady. Mundan başga-da, ol germaniýaly Gerd Müllerden bäri soňky 56 ýylda Dünýä çempionatynyň ilkinji dört duşuşygynda ýedi pökgi geçiren ilkinji futbolçy boldy. Holand duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi.

Braziliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi italiýaly Karlo Ançelotti duşuşykdan soň toparyň ýaryşdan çykandygyna garamazdan, işini dowam etdirjekdigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu ýeňliş soňy däl-de, eýsem täze tapgyryň başlangyjydyr. Topar saýlap alan ugruna eýerip, mundan beýläk hem kämilleşmegini dowam etdirer. Ançelotti Braziliýanyň milli ýygyndysyna 2025-nji ýylyň maý aýyndan bäri tälim berýär. Onuň şertnamasy 2030-njy ýylyň iýul aýyna çenli hereket edýär.

Norwegiýanyň milli ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek Dünýä çempionatynyň çärýek finalyna çykdy. Mundan ozal topar dünýä birinjiliklerinde ýa toparçadan çykyp bilmändi (1994), ýa-da 1/8 final tapgyrynda ýaryşdan çykypdy (1938, 1998). Braziliýanyň milli ýygyndysy bolsa soňky 36 ýylda ilkinji gezek çärýek finala çykyp bilmedi.

Çärýek finalda Norwegiýanyň ýygyndysy 1/8 finalyň başga bir duşuşygynda Meksikany 3:2 hasabynda ýeňen Angliýanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar.