Turkmenportal logo
Şu gün 11:19
16251625
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýanwar — iýun aýlarynda Türkmenistanyň serhedinden geçen ýük dolanşygy 10,5 million tonna ýetdi

Şu ýylyň 6 aýynda Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerleriniň üsti bilen jemi 10,5 mln. tonnadan gowrak ýük dolanşygy amala aşyryldy we geçen ýylyň degişli döwrüne görä 10% ýokarlandy. Şol sanda, ýurduň daşary söwdasynda harytlaryň eksporty we importy bilen bagly serhetüsti ýük dolanşygyň möçberi 6% artdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.

Degişli döwürde Türkmenistanyň çäginden üstaşyr 94 ýurda ýükler geçirildi. Üstaşyr geçirilen ýükleriň möçber 3,5 mln. tonnadan gowrak bolup, geçen ýylyň degişli döwrüne görä 15% ýokarlandy.  

Döwrebap barlag enjamlary bilen doly üpjün edilen serhetýaka gümrük nokatlary bu günki günde awtoulag serişdeleri gümrük nokatlarynyň çäginde ilkinji giren pursadyndan başlap, gümrük amallarynyň ýerine ýetirilişi sanly ulgam arkaly gözegçilik edilýär. Bu bolsa, gümrük nokatlarynyň çäklerinde gümrük amallarynyň ýerine ýetirilmegi üçin sarp edilýän wagty ep-esli azaltdy.

Türkmenistanyň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň ugrundaky gümrük nokatlary döwrüň ösýän talaplaryna laýyklykda, tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrylýar. Olaryň ulag we ýük geçirijilik kuwwaty ýokarlandyrylyp, sanly ulgamlaryň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar. Şoňa görä-de, ýurduň çäginden geçirilýän üstaşyr ýükleriň möçberleri yzygiderli artýar.