Turkmenportal logo
Şu gün 09:23
11101110
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Balkan welaýatynda keçe taýýarlaýan ussat zenanlar kesgitlenildi

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli künjeginde keçe taýýarlaýan ussat zenanlaryň arasynda «Gülüň owadan» atly milli derejedäki bäsleşik geçirilýär.

Balkan welaýatynda bäsleşigiň welaýat tapgyry üstünlikli geçirilip, onda bu ugur boýunça iň ussat zenanlar kesgitlenildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, gatnaşyjylar bellenilen ölçegdäki keçe önümlerini çäklendirilen wagtyň dowamynda taýýarlamakda öz ussatlyklaryny görkezdiler. Mundan başga-da, döredijilik bäsleşiginiň çäklerinde türkmen öýleriniň bezegi hasaplanýan nagyşly keçeleriň gözelligi barada gyzykly maglumatlar, rowaýatlar, ynançlar we goşgular ýaňlandy.

Bäsleşigiň jemleri boýunça Balkanabat şäheriniň ussat zenanlar topary Baş baýraga mynasyp bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Birinji orna Bereket etrabynyň topary, ikinji orna Esenguly etrabynyň topary, üçünji orna bolsa Gyzylarbat etrabynyň topary mynasyp boldy.

Bäsleşik tamamlanandan soň, guramaçylar ýeňijilere we baýrakly orunlary eýelän gatnaşyjylara dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlary gowşurdylar.

Bäsleşik Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty tarapyndan bilelikde guraldy.