Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurtda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis boldy. Bu barada TDH habar berýär.
Dabaraly mejlise gatnaşyjylar ilki Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda amaly-haşam sungatynyň eserleri, muzeý gymmatlyklary, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň ahalteke bedewlerine bagyşlanan eserleri görkezildi.
Soňra Mukamlar köşgüniň kaşaň binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis öz işine başlady. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän ýylynda meşhur ahalteke bedewlerini wasp etmek, ony dünýä ýaýmak meselelerine bagyşlanan dabaranyň dowamynda çykyşlara giň orun berildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen dabaraly mejlis sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Belli estrada ýyldyzlarynyň, bagşy-sazandalaryň joşgunly çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk senesini mynasyp garşylamak ugrunda zerur tagallalar edýän, täze eserleri döredýän medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlarynda ýurtda amala aşyrylýan beýik işler, türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň waspy öz beýanyny tapdy.
Artistleriň, bagşy-sazandalaryň, ýaş ýerine ýetirijileriň bilelikde ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagyň «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!» atly aýdymynyň ýaňlanmagy dabaranyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.