Aşgabatdaky Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy we eýran milli aşhanasy baradaky kitabyň türkmen diline terjime edilen görnüşiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Çärä türkmen suratkeşleri, hünär ussatlary we höwesjeňler gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mujtaba Ruzbehani, medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi Abdulreza Abbasi we Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow çykyş etdiler.

Agşamyň esasy wakasy iki ýurduň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna bagyşlanan çeperçilik bäsleşiginiň jemini jemlemek boldy. Bäsleşige 50-den gowrak nakgaşçylyk eseri hödürlendi. Ýokary baha bermek üçin abraýly eminler topary hünär ussatlarynyň we höwesjeňleriň işlerine aýry-aýry ugurlarda baha berdiler.
Iki topar boýunça hem üç sany esasy ýeňiji kesgitlendi. Mundan başga-da, guramaçylyk topary iň gowy döredijilik eseri üçin iki sany ýörite baýragy hem gowşurdy. Ýeňijilere Hormat hatlary we pul baýraklary gowşuryldy, bäsleşige gatnaşanlaryň ählisine ýadygärlik diplomlar berildi.

Dabaranyň ýatda galyjy pursatlarynyň biri hem eýran milli aşhanasy baradaky kitabyň türkmen diline terjime edilip, okyjylara ýetirilmegi boldy. Täze kitapda eýran halkynyň 100-den gowrak milli tagamlarynyň taýýarlanylyş usullary öz ornuny tapdy.