29-njy iýundan 6-njy iýuly aralygynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary Koreýa Respublikasynyň Çhunçhon şäherinde ýerleşýän Kangwon milli uniwersitetinde okuw tejribeligini geçýärler. Institutyň gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň koreý dili hünärinde bilim alýan, okuwda we jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanan talyplarynyň 6-sy okuw tejribeliginde bolýarlar. Bu barada institutyň resmi saýtynda habar berildi.
Talyplaryň koreý dilini, medeniýetini öwrenmek we amaly endikleri kemala getirmek isleglerini özünde jemleýän maksatnamanyň çäklerinde institutyň talyplary çuňlaşdyrylan sözleýiş derslerini yzygiderli özleşdirýärler.
Okuw tejribeligi «Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Kangwon milli uniwersitetiniň arasynda ylym we bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň» çäklerinde amala aşyrylýar.