Turkmenportal logo
Şu gün 08:43
15821582
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Belarusyň Prezidenti oktýabrda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana geler

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko oktýabr aýynda Türkmenistanda geçiriljek Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň (GDA) Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar. Bu barada Belarusyň Türkmenistandaky ilçisi Stanislaw Çepurnoý habar berdi.

«Türkmenistan şu ýyl hemişelik Bitaraplyk derejesiniň oňyn mümkinçiliklerini iş ýüzünde durmuşa geçirip, Garaşsyz Döwletler Arkalaşygyna başlyklyk edýär hem-de öz çäginde GDA-nyň tertipnamalaýyn edaralarynyň mejlislerini kabul edýär. Maý aýynda Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Onuň çäklerinde Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Aleksandr Turçin Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Güýzde Türkmenistanda GDA-nyň ugry boýunça ýene birnäçe çäre geçiriler. Şolaryň iň möhümi bolan Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine Belarus Respublikasynyň hormatly Prezidenti Aleksandr Lukaşenko hem gatnaşar» — diýip, diplomat Belarusyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde çap edilen makalasynda ýazdy.

Çepurnoýyň bellemegine görä, Belarus üçin Ýewraziýa giňişligindäki integrasiýa birleşiklerine gatnaşmak ýurduň daşary syýasatynyň we daşary ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir.

«Ýurdumyz dürli integrasiýa görnüşleriniň netijeli utgaşdyrylmagyny, söwda päsgelçilikleriniň aradan aýrylmagyny, harytlar we hyzmatlar boýunça erkin söwda zolagynyň ösdürilmegini, önümçilik hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagyny hem-de milli pullara daýanýan ygtybarly ulag-logistika geçelgeleriniň döredilmegini goldaýar» — diýip, ilçi belledi.

Ol Türkmenistanyň GDA-a başlyklyk etmeginiň ileri tutulýan ugurlaryny anyk kesgitländigini aýtdy. Olaryň hatarynda GDA-nyň deňhukukly hyzmatdaşlyk we özara ynanyşmak üçin netijeli meýdança hökmündäki ornuny pugtalandyrmak, energetika, ekologiýa, sanlylaşdyrmak, şeýle hem ykdysady, ulag we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek bar.

«Belarus Türkmenistanyň GDA-a başlyklyk etmeginiň maksatnamasynda kesgitlenen ileri tutulýan ugurlary goldaýar we Arkalaşygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ähli meseleler boýunça hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga taýýardyr. Türkmenistanyň GDA-a başlyklyk etmeginiň amaly netijeleri berjekdigine, Ýewraziýa giňişligindäki integrasiýa işleriniň ösmegine we GDA-nyň işiniň netijeliliginiň ýokarlanmagyna ýardam etjekdigine ynanýarys» — diýip, ilçi sözüniň üstüni ýetirdi.

GDA-a agza döwletleriň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi 9-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.