Turkmenportal logo
Şu gün 18:17
53835383
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda HZG-niň wekilhanasyny açmak meselesine garaldy

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Halkara zähmet standartlary departamentiniň direktory Korinn Warganyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen HZG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. HZG bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy, onuň milli zähmet kanunçylygyny kämilleşdirmäge, durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we halkara zähmet standartlaryny ornaşdyrmaga ýardam berýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen HZG-niň arasynda 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlyk boýunça Ýol kartasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle hem HZG bilen hyzmatdaşlyk meseleleriniň Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň gün tertibine girýändigi bellenildi. Türkmenistanyň HZG-niň agzalygyndan gelip çykýan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygy tassyklandy.

Mundan başga-da, taraplar BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda HZG bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ähmiýetini bellediler hem-de guramanyň Türkmenistanda wekilhanasyny açmak meselesini hem öz içine almak bilen, amaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen HZG-niň Zähmetkeşleriň işi boýunça býurosynyň (ACTRAV) arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşine aýratyn üns berildi. Bu hyzmatdaşlyk durmuş dialogyny ösdürmäge we halkara zähmet standartlaryny ilerletmäge gönükdirilendir diýlip, habarda bellenilýär.