Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili we edebiýaty fakultetiniň ikinji ýylynyň 18 talybyndan ybarat topar rus dili boýunça gepleşik tejribeligini geçmek üçin Moskwa ugrady. Bu barada ýokary okuw mekdebinde habar berdiler.
Sapar akademiki ykjamlylyk maksatnamasynyň çäklerinde, Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Naberežnyýe Çelny şäheriniň döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň esasynda amala aşyrylýar.
Talyplar iki tapgyrdan ybarat bäsleşigiň netijeleri boýunça saýlanyp alyndy. Ilkinji tapgyrda olar fonetika, orfoepiýa, grammatika, söz ýasalyşy, leksika, sintaksis we rus edebiýatynyň esaslary boýunça ýazuw synagyndan geçdiler. Ikinji tapgyrda bolsa höweslendiriş mazmunly ses habarlary, dilden sözleýiş derejesi we aragatnaşyk başarnyklary boýunça baha berildi.
Moskwada talyplar «Beýik mirasy öwrenýärin!» atly bilim maksatnamasyna gatnaşarlar. Okuwlary Naberežnyýe Çelny şäheriniň döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň mugallymlary – filologiýa ylymlarynyň kandidaty Konstantin Kalinin hem-de filologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Galina Frolowa alyp bararlar. Maksatnamanyň guralmagyna «Meniň taryhym» ynsanperwer taslamalar gaznasy hem gatnaşýar.
Okuw maksatnamasy rus dili, frazeologiýa, etimologiýa, grammatika we orfografiýa boýunça sapaklary, şeýle hem rus edebiýatyna bagyşlanan bölümleri öz içine alýar. Onda A.S. Puşkiniň, M.W. Lomonosowyň, Swetaýewleriň maşgalasynyň hem-de A.N. Ostrowskiýniň döredijiligine degişli mowzuklar öwreniler.
Medeni maksatnamanyň çäklerinde talyplar Moskwa şäheri boýunça syn ediş gezelenjine çykarlar, M.A. Bulgakowyň «Ýaramaz öý» muzeýine, «Russiýa – meniň taryhym» taryhy seýilgähindäki «Pýotr I. Imperiýanyň döreýşi» atly sergä baryp görerler. Şeýle hem olar «Sfera» teatrynda A.N. Ostrowskiýniň «Günäsiz günäkärler» atly spektaklyna tomaşa ederler.
Maksatnama jemleýji söhbetdeşlik synagy, «tegelek stol» görnüşindäki maslahat hem-de şahadatnamalaryň gowşurylmagy bilen tamamlanar. Şondan soň talyplar Aşgabada dolanarlar.