Turkmenportal logo
Şu gün 14:33
25312531
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Günorta Koreýanyň «Menejer Kim» atly söweşjeň serialy Belet platformasynda elýeterli boldy

Belet striming platformasynda «Standart» abuna bukjasynyň ulanyjylary üçin Günorta Koreýanyň «Menejer Kim» atly serialynyň ilkinji iki bölümi elýeterli edildi. Serial «Agent Kim ýene-de işe girişýär» (Agent Kim Reactivated) ady bilen hem tanalýar.

Serialyň ilkinji görkezilişi 2026-njy ýylyň 26-njy iýunynda boldy. Täze bölümler Günorta Koreýanyň SBS teleýaýlymynda her anna we şenbe günleri ýaýlyma berilýär.

«Menejer Kim» — Naver platformasyndaky şol bir atly webtunyň esasynda surata düşürilen 10 bölümden ybarat dartgynly söweşjeň serialdyr. Şeýle hem ol meşhur «Lukizm» komiksiniň sýužetini dowam etdirýän aýratyn taslama (spin-off) hasaplanýar.

Belet platformasyna ýazylanlar serialyň täze bölümlerini platformada elýeterli boldugyça tomaşa edip bilerler.