Turkmenportal logo
Şu gün 12:17
19331933
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýewropa Bileleşigi arzan bahaly poçta ibermelerine 3 ýewro möçberinde gümrük ýygymyny girizdi

2026-njy ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, Ýewropa Bileleşigi (ÝB) bileleşige agza bolmadyk döwletlerden getirilýän arzan bahaly poçta ibermelerine 3 ýewro möçberinde gümrük ýygymyny girizdi. Ýewropa Komissiýasynyň habar bermegine görä, bu düzgün, esasan hem internet arkaly satylýan we bahasy 150 ýewro çenli bolan harytlaryň giň görnüşine degişlidir.

Gümrük ýygymlary harytlaryň sanyna görä däl-de, olaryň degişli bolan haryt toparlarynyň sanyna görä hasaplanar. Mysal üçin, bäş köýnegi satyn almak üçin 3 ýewro gümrük ýygymlary tölenmeli bolar. Emma üç köýnek bilen bir sagady satyn alanyňyzda 6 ýewro tölemeli bolar, sebäbi bu harytlar dürli toparlara degişlidir.

Harytlary deklarirlemek we gümrük ýygymlaryny tölemek borjy satyja ýa-da import edijä ýüklenýär. Ýewropa Komissiýasynyň bellemegine görä, bu çäre bäsdeşlik üçin has deň şertleri döretmäge, sarp edijileri howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelmeýän harytlardan goramaga hem-de gümrük düzgünleriniň bozulmagynyň öňüni almaga gönükdirilendir.

Reuters agentliginiň habar bermegine görä, 3 ýewro möçberindäki gümrük ýygymlary wagtlaýyn çäre bolup durýar. 2028-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, ony harydyň görnüşine baglylykda kesgitlenjek täze gümrük paçlary bilen çalyşmak meýilleşdirilýär.

Bahasy 150 ýewro çenli bolan import harytlary üçin gümrük paçlaryndan boşatmak düzgüni onlarça ýyl bäri hereket edýärdi. Şeýle çäk ilkinji gezek 2008-nji ýylda girizilipdi. Şeýle-de bolsa, soňky ýyllarda Ýewropa Bileleşigine getirilýän şeýle harytlaryň möçberi düýpli artdy. Bu görkeziji 2022-nji ýylda 1,4 milliard bolsa, 2025-nji ýylda 5,8 milliarda ýetdi.

The Guardian neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, şeýle poçta ibermeleriniň takmynan 90 göterimi Hytaýdan iberilýär. Täze düzgün, ilkinji nobatda, Shein, Temu we AliExpress ýaly iri onlaýn söwda platformalaryna täsir eder. AliExpress kompaniýasy Reuters agentligine beren maglumatynda harytlaryň düşündirişine degişli bellikleriň goşuljakdygyny habar berdi.